Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.
1 Petrus 1:8
Gündelik Ýagtylyk
Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.
1 Petrus 1:8
Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys.
2 Korintoslylar 5:7
Biz Hudaýy söýýäris, sebäbi ilki Ol bizi söýdi.
1 Ýohanna 4:19
Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.
1 Ýohanna 4:16
Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.
Efesliler 1:13
Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.
Kolosiýalylar 1:27
Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.
1 Ýohanna 4:20
Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi.
Ýohanna 20:29
Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.
Zebur 2:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
31 ýan 2026
Numbers 33:55
30 ýan 2026
Hebrews 12:1-2
29 ýan 2026
Genesis 16:13
28 ýan 2026
Deuteronomy 33:25
27 ýan 2026
1 John 3:5
26 ýan 2026
Hebrews 13:13-14
25 ýan 2026
Romans 3:22