Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.
1 Ýyl ýazgylary 4:10
Gündelik Ýagtylyk
Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.
1 Ýyl ýazgylary 4:10
Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.
Luka 22:46
Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
Matta 26:41
Men Senden iki zat diledim, ölmänkäm olary menden gaýgyrma: 8-9 Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
Süleýmanyň pähimleri 30:7-9
6-«Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.
Zebur 121:7
Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin».
Ýermeýa 15:21
Biz Hudaýyň perzentleriniň günä etmeýändigini bilýäris. Hudaýyň Ogly olary goraýandyr, şeýtan olara el gatmaz.
1 Ýohanna 5:18
Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.
Aýanlyk 3:10
Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.
2 Petrus 2:9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 few 2026
1 Peter 1:8
31 ýan 2026
Numbers 33:55
30 ýan 2026
Hebrews 12:1-2
29 ýan 2026
Genesis 16:13
28 ýan 2026
Deuteronomy 33:25
27 ýan 2026
1 John 3:5
26 ýan 2026
Hebrews 13:13-14