3 fewral 2026 sişenbe

Gündelik Ýagtylyk

3 few 2026

Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

Hagaý 2:4

Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.

Ýohanna 15:5

Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.

Filipililer 4:13

Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.

Efesliler 6:10

Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».

Nehemýa 8:10

Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!

Zakarýa 8:9

Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara. Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.

Işaýa 35:3-4

Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?

Rimliler 8:31

Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.

2 Korintoslylar 4:1

Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.

Galatýalylar 6:9

Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.

1 Korintoslylar 15:57

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

Soňky günler