Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
Zebur 30:5
Gündelik Ýagtylyk
Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
Zebur 30:5
muşakgatlar zerarly siziň hiç biriňiz imandan dänmesin diýip etdik. Ýöne özüňiz bilýänsiňiz, bu muşakgatlar Mesihe iman getirenleriň başynda bardyr. Biz muşakgat çekjekdigimizi heniz ýanyňyzdakak öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy.
1 Salonikliler 3:3-4
Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.
Ýohanna 16:33
Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
Zebur 17:15
Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.
Rimliler 13:12
Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.
Işaýa 25:8
Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».
Aýanlyk 21:4
Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.
1 Salonikliler 4:17-18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
15 sen 2026
Romans 6:14-15
14 sen 2026
Isaiah 51:12
13 sen 2026
John 7:37
12 sen 2026
Isaiah 57:18
11 sen 2026
Romans 12:2
10 sen 2026
Jeremiah 32:9
9 sen 2026
Luke 1:53