Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.
Zebur 34:8
Gündelik Ýagtylyk
Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.
Zebur 34:8
Toýuň beýemçisi şeraba öwrülen suwuň nireden gelenini bilmeýärdi, muny diňe suwy guýan hyzmatkärler bilýärdi. Ol bu şerapdan dadyp gördi we öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa: «Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi.
Ýohanna 2:9-10
Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, gulak hem sözleri barlaýar.
Eýýup 34:3
Zeburda: «Iman etdim, şonuň üçin gürledim» diýip ýazylgydyr. Şol imanyň ruhy arkaly biz-de iman edýäris, şonuň üçin-de gürleýäris.
2 Korintoslylar 4:13
Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.
2 Timoteos 1:12
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
Nagmalar 2:3
Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?
Rimliler 2:4
Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!
Rimliler 8:32
Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz. Sebäbi siz Rebbiň ýagşylygyny dadyp gördüňiz.
1 Petrus 2:2-3
Eý, Hudaý, olara çykar hökümi, pällerinden tapyp, ýykylsyn olar; ýazyklary üçin kowup çykar olary, çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.
Zebur 5:11
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
16 sen 2026
Proverbs 21:2
15 sen 2026
Romans 6:14-15
14 sen 2026
Isaiah 51:12
13 sen 2026
John 7:37
12 sen 2026
Isaiah 57:18
11 sen 2026
Romans 12:2
10 sen 2026
Jeremiah 32:9