Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz.
Matta 5:13
Gündelik Ýagtylyk
Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz.
Matta 5:13
Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.
1 Petrus 3:4
Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.
1 Petrus 1:23
Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.
Ýohanna 11:25
Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir.
Luka 20:36
baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler.
Rimliler 1:23
Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir. Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz. Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.
Rimliler 8:9-11
Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär.
1 Korintoslylar 15:42
Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň».
Mark 9:50
Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.
Efesliler 4:29
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 sen 2026
Isaiah 57:18
11 sen 2026
Romans 12:2
10 sen 2026
Jeremiah 32:9
9 sen 2026
Luke 1:53
8 sen 2026
Daniel 5:27
7 sen 2026
Romans 12:12
6 sen 2026
Lamentations 3:41