Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy.
Ýohanna 19:34
Gündelik nur
Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy.
Ýohanna 19:34
Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.
Müsürden çykyş 24:8
Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.
Lewiler 17:11
Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.
Ýewreýler 10:4
Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.
Mark 14:24
Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.
Ýewreýler 9:12
Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.
Kolosiýalylar 1:20
Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz. Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz. Mesih dünýä ýaradylmazdan öň bellenen hem bolsa, siziň hatyraňyza bu döwrüň ahyrynda aýan boldy.
1 Petrus 1:18–20
Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.
Ezekiýel 36:25
Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.
Ýewreýler 10:22
Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“
Matta 6:13
Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin.
1 Patyşalar 1:36
Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener».
Işaýa 65:16
Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi.
Ýewreýler 6:13
Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär. Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady. Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.
Ýewreýler 6:16–18
«Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:
Aýanlyk 3:14
Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr.
2 Korintoslylar 1:20
Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary. Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!
Zebur 72:18–19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör17 okt 2026
16 okt 2026
15 okt 2026
14 okt 2026
13 okt 2026
12 okt 2026
11 okt 2026

Möminleriň Ruhanylygy
Üç hristian gurbanlygyny açyň: öwgi, başgalara hyzmat etmek we bedeniňizi diri gurbanlyk hökmünde hödürlemek.

Hudaýyň Patyşalygy
Öweý gyzymyň ýaşan Saud Arabystany Patyşalygy, suw ýetirip bolýan ýerlerde gülläp ösmegi üçin suwarylan, gaty…

Mukaddeslik
Mukaddes Kitabyň keramatly adamlar barada hakykatdan-da näme öwredýändigini öwreniň. Her bir iman eden adam…

Ybadat
Zebur 19-da Hudaýdan iki güýçli habary açyň, ýaradylyş arkaly Onuň ägirt uly güýjüni we Sözi arkaly Onuň berk…

Eskatologiýa
Reb Isa Mesihiň gaýdyp gelmegi baradaky Injil pygamberliklerini we wadadyr, Onuň ilkinji gelmeginden tä iman…

Peslik
Fariseý özüni haýran galdyrdy, ýöne pespäl salgyt ýygnaýjy Hudaýy haýran galdyrdy. Näme üçin öz-özüňi aklamak…