Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
Süleýmanyň pähimleri 3:26
Gündelik nur
Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
Süleýmanyň pähimleri 3:26
Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
Zebur 76:10
Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
Süleýmanyň pähimleri 21:1
Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.
Süleýmanyň pähimleri 16:7
Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.
Zebur 34:4
Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.
Kanun taglymaty 33:27
Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!
Ýermeýa 17:7
Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?
Rimliler 8:31
Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,
Filipililer 2:1
«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr. Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
Eýýup 14:1–2
Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy,
Ýohanna 14:16
Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.
Ýohanna 14:26
Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun! Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.
2 Korintoslylar 1:3–4
Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesihe gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys.
1 Salonikliler 4:14
Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.
1 Salonikliler 4:17–18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör18 okt 2026
17 okt 2026
16 okt 2026
15 okt 2026
14 okt 2026
13 okt 2026
12 okt 2026

Parahatçylyk
Imanlylaryň durmuşyň iň uly kynçylyklarynyň arasynda hem hakyky asudalygy we parahatlygy nädip tapyp…

Mukaddeslik
Hudaýyň Gazaby Mukaddes Hereket Ine, Merhemet we Hakykat Žurnaly Hudaýyň Gazaby Mukaddes Hereket Şu…

Halasgärlik
Rimliler 8-den imanlylar üçin on iki ruhlandyryjy wadany açyň: höküm ýok, Mukaddes Ruhyň güýji, Hudaýyň…

Eskatologiýa
Reb Isa Mesihiň gaýdyp gelmegi baradaky Injil pygamberliklerini we wadadyr, Onuň ilkinji gelmeginden tä iman…

Şägirtlik
Köpleriň maksady, özlerine ynam döretmek, uly işleri amala aşyryp biljekdiklerini, päsgelçilikleri ýeňip…

Mukaddeslik
Mukaddes Kitabyň keramatly adamlar barada hakykatdan-da näme öwredýändigini öwreniň. Her bir iman eden adam…