Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,
Rimliler 7:22
Gündelik nur
Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,
Rimliler 7:22
Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!
Ýermeýa 15:16
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
Nagmalar 2:3
Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.
Eýýup 23:12
Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.
Zebur 40:8
Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.
Ýohanna 4:34
Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
Zebur 19:8
Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.
Zebur 19:10
Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz. Kim sözi diňläp, ony berjaý etmeýän bolsa, ol aýnada ýüzüni görýän adam ýalydyr.
Ýakup 1:22–23
Eý, patyşa, şu zatlaryň hemmesini Arawna size berýär. Goý, Hudaýyň Reb senden razy bolsun».
2 Şamuwel 24:23
Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen? Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi? Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
Mika 6:6–8
Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
Işaýa 64:6
Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;
Rimliler 3:10
sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. 25-26 Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.
Rimliler 3:23–26
Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!
Efesliler 1:6
Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.
Kolosiýalylar 2:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör19 okt 2026
18 okt 2026
17 okt 2026
16 okt 2026
15 okt 2026
14 okt 2026
13 okt 2026

Halasgärlik
Wulkan birnäçe wagt bäri gümmürdäp, tüsse we az mukdarda lawa çykaryp durdy. Emma, Armeronyň adamlary…

Ybadat
Zebur 19-da Hudaýdan iki güýçli habary açyň, ýaradylyş arkaly Onuň ägirt uly güýjüni we Sözi arkaly Onuň berk…

Halasgärlik
Isa taryhdaky iň radikal missiýa üçin meýletin boldy – adamzadyň halas bolmagy üçin öz janyny gurban etmek…

Tabynlyk
Ybraýymyň, Amosyň, Pawlusyň we Isanyň durmuşlary arkaly mesihçi özüňi tabşyrmak düşünjesini öwreniň.

Ylahy höküm
Ýeremiýanyň durmuşyny öwreniň, ol uly garşylyklara we ejirlere garamazdan, Hudaýyň Sözi bilen goldanyp…

Ebedi Howpsuzlyk
Isa Mesihdäki imanlylar üçin ebedi howpsuzlygyň Mukaddes Ýazgylardaky kepilligini açyň. Halas bolmagyň, bir…