Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.
Ýohanna 1:16
Gündelik nur
Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.
Ýohanna 1:16
Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
Matta 17:5
Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.
1 Ýohanna 3:1
Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.
Ýewreýler 1:2
Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.
Rimliler 8:17
Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.
Ýohanna 10:30
Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz».
Ýohanna 10:38
Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.
Ýohanna 20:17
Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.
Ýohanna 17:23
Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi. Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.
Efesliler 1:22–23
Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.
2 Korintoslylar 7:1
Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir. Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
Ýohanna 13:16–17
Olar Kanunda ýazylyşy ýaly, iki gumryny ýa-da kepderini hem gurbanlyk hökmünde hödür etmelidiler. Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi. Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy. Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen ybadathananyň howlusyna geldi. Isanyň ene-atasy Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda,
Luka 2:24–27
Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Matta 20:28
Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy.
Ýohanna 13:3–5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör20 okt 2026
19 okt 2026
18 okt 2026
17 okt 2026
16 okt 2026
15 okt 2026
14 okt 2026

Hristologiýa
Mukaddes Kitap Isanyň Hudaý we ähli zatlaryň Ýaradyjysydygyny, Mikaýylyň bolsa ýaradylyş perişdedigini açyk…

Hudaýyň Sypatlary
Hudaýyň mukaddesliginiň tebigatyny, iman edýäniň Mesihdäki ýagdaý mukaddesligini we mukaddesleşdirme arkaly…

Hudaýdan gorkmak
Hudaýdan gorkmagyň iki tarapyny öwreniň: imansyzlar üçin höküm we iman edýänler üçin hormatly haýran galmak…

Halasgärlik
Rimliler 8-den imanlylar üçin on iki ruhlandyryjy wadany açyň: höküm ýok, Mukaddes Ruhyň güýji, Hudaýyň…

Pyghamçylyk
Samuel diňe bir pygamber däl, eýsem iň soňky kazydy. Ol ruhany hem bolupdy: "Samuel REBBIŇ öňünde gulluk…

Ruhy Ösüş
Täze imanlylar duş gelýän kynçylyklary, şol sanda içki göreşleri we içindäki iki tebigatyň açyşyny öwreniň.