Ysraýylyň öz hakyky Mesihini pitneçi ret etmeginden tapawutlylykda, Hudaýyň söýgüli mukaddesleri şu gün “saýlanan nesil” diýlip atlandyrylýar. Ine, Hudaýyň hakyky saýlamasy, ýagny ýaradylyşdan köp öň her bir ýagdaýy göz öňünde tutan bilimi bilen Onuň tarapyndan saýlananlar. Bu gymmatly, ajaýyp hakykat – Ysraýylyň Hudaýyň saýlanan ýer ýüzündäki halky bolmagyndan has ýokary.
“Patyşa ruhanylar” “mukaddes ruhanylar” sözüniň garşylygydyr, ony biz 5-nji aýatda tapýarys: “Siz hem diri daşlar hökmünde ruhy öý, mukaddes ruhanylar bolup gurulýarsyňyz, Isa Mesih arkaly Hudaýa makul ruhy gurbanlar bermek üçin.” “Mukaddes ruhanylar” Hudaýa tarap, “patyşa ruhanylar” bolsa adamlara tarapdyr. Hudaýyň dünýä şaýatlygyny götermek patyşa häsiýetidir – merhemet bilen halas bolan günäkärlere berlen mertebe.
“Mukaddes millet” Ysraýylyň tenindäki, boýun egmezligindäki ýagdaýyna garşylykdyr. Ol Hudaýyň şöhraty üçin möhüm mukaddesleşmek, Özüne aýratyn goýulmak barada aýdýar.
“Onuň öz aýratyn halky” Özü üçin bolmak manysyny berýär, ýagny kanun astyndaky ýewreýleriň özlerini hasaplaýşy ýaly, hakyna tutulan hyzmatkärler däl-de, gul hökmünde. Biz dolylygyna Halypamyzyň emlägidiris.
Elbetde, bu oňyn, ebedi bereketleriň hemmesiniň bir maksady bar. Häzirki netije şeýle: biz iman edenler “sizi garaňkylykdan Öz ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň waspyny yglan edip bileris.” Bu diňe şol wasplary aýtmak däl, eýsem olary görkezmekdir. Mukaddesleriň tutuş durmuş häsiýeti munuň bilen baglanyşyklydyr. Onuň ajaýyp nurunyň tutuş durmuşymyzda ýagty şöhle saçmalydyr.
