Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.
Luka 12:15
Gündelik nur
Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.
Luka 12:15
Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn; Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
Zebur 37:16
Köp baýlyk bilen kynçylykda ýaşanyňdan, az baýlyk bilen Rebden gorkup ýaşamak ýagşydyr.
Süleýmanyň pähimleri 15:16
Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr.
1 Timoteos 6:6
Şonuň üçin-de, iýjegimiziň, geýjegimiziň bardygyna şükür etmelidiris.
1 Timoteos 6:8
8-Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
Süleýmanyň pähimleri 30:8–9
Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.
Matta 6:11
Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?
Matta 6:25
Onsoň Isa olardan: «Men sizi gapjyksyz, torbasyz we çaryksyz ýollan çagym kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler.
Luka 22:35
Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.
Ýewreýler 13:5
Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.
Ýohanna 6:63
Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur.
Ýohanna 3:6
biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.
Titus 3:5
Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir. Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz. Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.
Rimliler 8:9–11
indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Galatýalylar 2:20
Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Rimliler 6:11
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör22 okt 2026
21 okt 2026
20 okt 2026
19 okt 2026
18 okt 2026
17 okt 2026
16 okt 2026

Kanagatlanma
Lotereýa oýnamagyň näme üçin ýalňyşdygy barada Injil ýolbaşçylygy, açgözlük, razylyk we pul söýgüsi baradaky…

Ebedi Howpsuzlyk
Isa Mesihdäki imanlylar üçin ebedi howpsuzlygyň Mukaddes Ýazgylardaky kepilligini açyň. Halas bolmagyň, bir…

Halasgärlik
Isa taryhdaky iň radikal missiýa üçin meýletin boldy – adamzadyň halas bolmagy üçin öz janyny gurban etmek…

Halasgärlik
Hristian teologiýasynda "täze dogluş", "täzeden dogluş" we "regenerasiýa" sözleriniň aýratyn manylaryny…

Rebbi nahary
Hristianlaryň bilelikde naharlanmak baradaky düşünjesini we çöregiň we çakyryň hakykatdanam Isanyň bedenine…

Dinden dänmek
Köne Ähtden dönükler Kaýynyň, Balaamyň we Korahyň hekaýalaryny öwreniň. Olaryň ynanmazlygyndan sapak alyň we…